ÇAGA EZIZ – EDEBI ONDANAM EZIZ

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň gurnamagynda Mary şäheriniň 21-nji çagalar bagynda «Çaga eziz – edebi ondanam eziz» ady bilen medeni çäresi geçirildi. Ýurdumyzyň geljegi bolan körpeleriň arasynda milli däp-dessurlarymyzy, ene-mamalarymyzdan galan milliligimizi wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesilleriň edep-terbiýeli, ata Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen geçirilen çäre örän gyzykly hem täsirli boldy.

Onda bagtyýar çagalar ata Watanymyzyň gül goýnunda ösüp gelýän ýaş nesillere edilýän atalyk aladalaryň saýasynda özlerine döredilýän ajaýyp mümkinçilikleriň esasynda nesil terbiýesiniň özenini düzýän türkmen milli oýunlarymyzy, goşgudyr aýdymlary, ýaňyltmaçdyr matallary hem-de ertekileri ýerine ýetirdiler. Munuň özi çagalarda ýakymly ýatlamalary galdyrdy we çagalaryň zehininiň ýüze çykmagyna uly itergi berdi.

Medeni çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar durmuşda çagalaryň gülüp oýnamagy ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

Göwher KAKAGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar