Golaýda Mary şäheriniň «Mary» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de Türkmen Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň batly gadamlary” atly “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow we Türkmen Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow dagylar çykyş etdiler. Olar ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlary, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň çykyşynyň halkara ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe sürlen başlangyçlaryň dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, özara hormat-sarpany pugtalandyrmaga hyzmat edýändigini aýratyn nygtap, hormatly Prezidentimiziň beýik maksada gönükdirilen çykyşynyň dünýä döwletleri tarapyndan giňden goldanylýandygyny bellediler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatyny belent derejelere ýetirmekde bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maksat JANMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.