MAŞGALA MUKADDESLIGI — HALKYMYZYŇ MILLI TERBIÝESINIŇ GÖNEZLIGIDIR

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň, Wekilbazar etrap bilim bölüminiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Wekilbazar etrap komitetiniň bilelikde guramagynda etrabyň 17-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Maşgala mukaddesligi — halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligidir» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda 17-nji orta mekdebiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, halypa mugallym Ogulkeýik Nepesowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Hajar Garryýewa dagylar çykyş edip, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagy, özygtyýarly döwlet hökmünde dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagy ugrunda bimöçber işleriň durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda Garaşsyzlyk, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň ylalaşygyň, parahatçylygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrülendigi baradaky çykyşlara giň orun berildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watany söýmegiň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Güljan ŞABASANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar