Golaýda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 8-nji çagalar bakja-bagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» ady bilen çäre geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi ady agzalan çagalar bakja-bagy bilen bilelikde gurady.
Çärede ýol hereketiniň howpsuzlygy, ýollaryň asudalygy baradaky çykyşlara giň gerim berildi. Şeýle-de çykyşlarda ýol hereketiniň düzgünlerini dogry berjaý etmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi. Körpejeleriň gatnaşmagynda oýnalan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly oýun bolsa, dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Gülüstan NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.