SAGDYN ÝAŞLAR – EZIZ WATANYŇ DAÝANJY

Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde ýaşlaryň wagtlaryny ýerlikli peýdalanmaklaryny gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň Gumdag şäherçe bölümçesiniň guramagynda, şäherçäniň 7-nji sport mekdebiniň ýaş türgenleriň gatnaşmaklarynda «Sagdyn ýaşlar – eziz Watanyň daýanjy» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň sagdyn ruhly we berk bedenli ýaşlary kemala getirmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatyndan ugur alyp geçirilen bu ýaryş, diýseň çekeleşikli boldy. Bu sport ýaryşyna gatnaşanlar ýaşlar üçin döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

Amangözel EŞEROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Balkanabat şäher Geňeşiniň Gumdag şäherçe

bölümçesiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

12 Awgust 2025 | 7 okalan

GÜL DIÝARYŇ GÜL-GUNÇASY BALALAR

12 Awgust 2025 | 6 okalan

ZEMINE ÝAŇ SALSYN ÇAGA GÜLKÜSI