ÇAGALARYŇ ARASYNDA GEÇEN GYZYKLY BÄSLEŞIK

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň guramagynda «Arzuw» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan çagalaryň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň arasynda kiçi futbol boýunça bäsleşik geçirildi.

Çagalar  öz aralarynda  Laçyn, Bürgüt, Peýkam, Balkan ýaly toparlara bölünip toparlaýyn bäsleşdiler, özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler we wagtlaryny şadyýan geçirdiler. Bäsleşigiň dowamynda ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar berildi.

Bäsleşigiň ahyrynda çagalar şeýle ajaýyp döwürde okamaga, öwrenmäge, dynç almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan sag bolsun aýtdylar.

Umyt BAÝHANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

08 Awgust 2025 | 11 okalan

AJAÝYP ZAMANANYŇ BAGTLY KÖRPELERI

08 Awgust 2025 | 15 okalan

TÄSIRLI GEÇEN BÄSLEŞIK