Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 7-nji çagalar bagynda körpeleriň arasynda «Türkmen halkynyň ertekiler dünýäsiniň gahrymanlaryny kim bilýär» atly şygar astynda sorag-jogap bäsleşigi geçirildi.
Dynç alýan körpeler bäsleşikde özleriniň okan ertekileriniň gahrymanlarynyň atlaryny tanamak we bilmek üçin öz deň duşlary bilen çekeleşikli bäsleşdiler. Bäsleşikde körpeler özleriniň ukyp başarnyklaryny has-da açyp görkezdiler.
Bäsleşige gatnaşan körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşan körpeler özleri üçin şular ýaly giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Züleýha BAÝMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.