AJAÝYP ZAMANANYŇ BAGTLY KÖRPELERI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 6-njy çagalar bagynda körpeleriň tomusky dynç alyş möwsümini gyzyklandyrmak maksady bilen «Ajaýyp zamananyň bagtly körpeleri» atly şygar astynda goşgy aýtmak hem-de labyzly okamak ugurlary boýunça bäsleşik  geçirildi.

Bäsleşikde çykyş eden körpeler özleriniň ýüreklerinden joşup çykýan we Watanymyzy wasp edýän goşgularyny aýdyşyp bäsleşdiler. Körpeleriň ýüreklerinden çykýan goşgulary aýdym bolup ýaňlandy. Bäsleşige gatnaşan körpeler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşan körpeler özleri üçin şular ýaly giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan sagbolsun aýtdylar.

Züleýha BAÝMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

08 Awgust 2025 | 12 okalan

AJAÝYP ZAMANANYŇ BAGTLY KÖRPELERI

08 Awgust 2025 | 15 okalan

TÄSIRLI GEÇEN BÄSLEŞIK