SAGDYN NESILLERIŇ DARAGTY SPORT

Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşi tarapyndan «Dürdäne» sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Sagdyn nesilleriň daragty sport» atly şygar astynda sportuň dürli görnüşleri boýunça sport bäsleşikleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň sagdyn ruhly we berk bedenli ýaşlary kemala getirmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatyndan ugur alyp, ýaşlaryň bedenterbiýe we sporta bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşik, diýseň çekeleşikli boldy. Bu sport bäsleşigine gatnaşan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Döwrandurdy ORAZDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

13 Oktýabr 2025 | 62 okalan

IL SAGLYGY – ÝURT BAÝLYGY

13 Oktýabr 2025 | 86 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

10 Oktýabr 2025 | 134 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI