GURBANSOLTAN EJE ADYNDAKY DAŞOGUZ LUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI

GURBANSOLTAN EJE ADYNDAKY DAŞOGUZ LUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI

2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

I.­Býu­jet ­esas­yn­da:

 Şep­a­gat­çy­lyk­ işi.

II.­Tö­leg­li­ esas­da:

1. Bejeriş işi.

2.­ Şep­a­gat­çy­lyk­ işi.

3.­ Aku­şer­lik ­işi.

4. Farmasiýa.

Lukmançylyk mekdebine Daşoguz welaýatynda hemişelik ýaşaýan, umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Res­mi­ iş­ ka­gyz­la­ry­ Daşoguz şäherinde 2025-nji ýylyň 14 – 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Res­mi­ iş­ ka­gyz­la­ry­nyň ­sa­na­wy:­

- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

-pasportyny;

-harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Gi­riş­ sy­nag­la­ry­ we­ oku­wa­ ka­bul edil­mek­ Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebinde (Daşoguz şäheri) 2025-nji ýylyň iýul aýynyň30-31-i, awgust aýynyň 2-3-i we 5-i günlerinde geçirilýär.

Gi­riş ­sy­nag­la­ry ­ähli hünärler boýunça himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, dalaşgärler patologoanatomik edaranyň işi bilen tanyşdyrylar.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäs­le­şik­siz­ we­ ta­lyp­ly­ga ka­bul­ edil­mek­ üçin­ ar­tyk­maç­ hu­kukdan­ «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Gur­ban­sol­tan ­eje ­adynd­a­ky­­ Da­şo­guz ­luk­man­çy­lyk­ or­ta­­ okuw ­mek­de­bi­niň ­sal­gy­sy:­­ Da­şo­guz ­we­la­ýa­ty,­ Da­şo­guz ­ş.,­­ Ga­raş­syz­ly­gyň­ 10­ ýyl­ly­gy ­kö­çe­si,­ 17,­ tel.:­ 2­-21-­64,­ 2-­21-­19.