TÜRKMEN DÖWLET YKDYSADYÝET WE DOLANDYRYŞ INSTITUTY
2025/2026-njy okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:
1.Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet; ykdysadyýet we hukuk; buhgalterçilik hasaba alnyşy, analiz we audit; ykdysady howpsuzlyk; ykdysadyýet we statistika; sanly ykdysadyýet; maliýe we karz; bank işi; halkara maliýe; dünýä ykdysadyýeti; menejment; kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; önümçiligiň ykdysadyýeti we guralyşy; zähmetiň ykdysadyýeti; marketing; işewürlik-informatika; halkara söwda; ykdysadyýet we maglumatlaryň analizi).
2.Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (ykdysadyýetde we dolandyryşda).
Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.
Instituta umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2025-nji ýylyň 14 – 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
- bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
-Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
- 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
- okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
- pasportyny;
-harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Lebap welaýaty - iýul aýynyň 30-y, awgust aýynyň 1-i we 3-i günleri;
Aşgabat we Arkadag şäherleri — iýul aýynyň 31-i – awgust aýynyň 1-i, awgust 2-si we 4-i günleri;
Ahal welaýaty — awgust aýynyň 5-i, 6-sy we 7-si günleri.
Mary welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 7-si we 8-i günleri;
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 9-y, 10-y we 11-i günleri;
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 10-y, 11-i we 12-si günleri.
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
taýýarlygyň ugry: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (ykdysadyýetde we dolandyryşda) – matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň beýleki ugurlary – matematika, Türkmenistanyň taryhy; geografiýa.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
TÜRKMEN DÖWLET YKDYSADYÝET WE DOLANDYRYŞ INSTITUTY
2025/2026-njy okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:
Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet; maliýe menejmenti, dünýä ykdysadyýeti, işewürlik-dolandyryş).
Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Instituta magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň ugurlaryna ykdysadyýet we dolandyryş çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2025-nji ýylyň 14 – 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
– bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
– bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
– ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary ýa-da tassyklanan göçürmeleri (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);
– Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
– soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
– 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
– işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýarlar:
– pasportyny;
–harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) 2025-nji ýylyň 12-13-nji awgustynda geçirilýär.
Giriş synaglary ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda şu aşakdaky dersler boýunça döwlet dilinde geçirilýär:
taýýarlygyň ugry: ykdysadyýet — ykdysady nazaryýet, milli ykdysadyýet;
taýýarlygyň ugry: maliýe menejmenti — ykdysady nazaryýet, maliýe;
taýýarlygyň ugry: dünýä ykdysadyýeti — ykdysady nazaryýet, dünýä ykdysadyýeti;
taýýarlygyň ugry: işewürlik-dolandyryş — ykdysady nazaryýet, menejment;
Bellenilen wagtda giriş synagyna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň salgysy: Aşgabat ş., 1972-nji (Atatürk) köçe, 73, tel.: 48-62-89, 48-62-75.