Ýakynda Lebap welaýatynyň Atçylyk sport toplumynyň maslahatlar zalynda Çärjew etrap häkimliginiň, etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlarynyň hem-de dürli kärde zähmet çekýän ýaşlaryň, il ýaşulularynyň hem-de ak saçly eneleriň gatnaşmagynda ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, ýaş maşgalalaryň arasynda nika bozulmalaryň öňüni almak maksady bilen “Maşgalam-baş galam” atly wagyz-nesihat duşuşugy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler maşgala mukaddesliginiň, maşgalany goramagyň we ony goldamagyň dӧwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy, maşgala gatnaşyklaryny we maşgalada çaga terbiýesi baradaky kadalary düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň dӧwrüň talabyna gӧrä kämil we halkara hukuk kadalaryna laýyk gelýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar şeýle eşretli zamanany peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Çärjew etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.