TÜRKMENISTAN – DOST-DOGANLYK MEKANY

Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramagynda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty dowam edýän günlerine bagyşlanyp «Türkmenistan- dost-doganlyk mekany» atly brifing duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen alyp barylýan il-ýurt bähbitli işlerinden güýç alýan halkymyz ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly sepgitlere ýetýändigi hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara giňişlikde ählumumy ösüşiň bähbidine asylly başlangyçlary durmuşa geçirýändigi dogrusynda beýan edildi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir. BMG-niň guramagynda on ýyldan bir gezek geçirilýän bu halkara maslahat deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini gazanmak, özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan we seljermekden ybaratdyr.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, şeýle eşretli bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ogulsapar JORAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

13 Awgust 2025 | 5 okalan

TÜRKMENISTAN – DOST-DOGANLYK MEKANY

13 Awgust 2025 | 3 okalan

“MAŞGALAM-BAŞ GALAM”

12 Awgust 2025 | 144 okalan

MAŞGALAM-BAŞ GALAM