TÜRKMEN ÝAŞLARY DAAD MAKSATNAMASY BOÝUNÇA OKUWDA

DAAD — Germaniýanyň daşary ýurtly talyplary üçin iri talyp hakly guramasydyr. Turkmenistan hem daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça öňdebaryjy hyzmatdaşy bolup durýar. 1997-nji ýyldan bäri Aşgabatdaky wekilçiligi Germaniýada bilim almak, talyp haklary we ylmy maksatnamalar boýunça maslahat berýär.

Şu ýylyň hem 28-nji iýulyndan 30-njy awgust aralygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Germaniýanyň Akademiki Alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) maksatnamasynyň çäklerinde Germaniýada nemes dili boýunça tomusky okuwlara gatnaşýarlar.

Deslapky saýlama tapgyrynyň netijesinde dil tejribeligine Türkmenistanyň sekiz ýokary okuw mekdebinden 11 talyp girdi. Olaryň arasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary bar.

Okuwlar Germaniýanyň belli uniwersitetleriniň binýadynda tejribeli mugallymdyr professorlar tarapyndan geçirilýär. Talyp ýaşlar diňe dili öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, hünär derejesindäki bilimlerini giňeldýärler, aragatnaşyk başarnyklaryny ösdürýärler, şeýle-de Germaniýanyň taryhy we medeniýeti bilen tanyşýarlar.

DAAD maksatnamalary halkara ylym, bilim we medeni gatnaşyklaryň pugtalanmagyna goşant goşýar.

Gandym WELLEKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Halaç etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar