Çagalaryň tomusky dynç alyş pursatlaryny şadyýan geçirmeklerini gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde 5-nji çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda «Bagtyýar durmuşyň saýrak bilbilleri» atly aýdym-sazly çäre geçirildi.
Çärede şadyýan körpeler ýürek buýsançlaryny goşgularyň, aýdymlaryň üsti bilen beýan etdiler. Kalby buýsançdan doly çagajyklaryň ýüreklerinden joşup çykýan, belentden-belent ýaňlanýan aýdym-sazlary, şeýle hem ýerine ýetirilýän ajaýyp tanslary, milli küştdepdileri bagtyýar zamanamyzyň waspy bolup ýaňlandy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar nesilleriň ýagty geljekleri üçin irginsiz alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga ýüreklerinden alkyş sözlerini aýtdylar.
Akgül HYDYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly
etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.