Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşiniň guramagynda Bereket etrap çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler zalynda edara-kärhanada zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Döwletli işler – ruhubelent ýaşlar» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler öz çykyşlarynda ruhubelent, edep-terbiýeli, ýokary düşünjeli, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmekleriniň möhümdigi barada belläp geçdiler.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda ýaşlara şeýle ajaýyp döwürde okamaga, öwrenmäge, dynç almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Döwrandurdy ORAZDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket
etrap Geňeşiniň başlygy.