Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň guramagynda we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň hem-de etrabymyzyň ýaşulylarynyň gatnaşmaklarynda Gyzylarbat etrabynyň Poçta aragatnaşyk bölüminde zähmet çekýän işgärleriniň arasynda «Ahlak päkligi» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Bu duşuşykda, asuda ýurdumyzyň mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn ösmegi üçin Watan söýgüsi gursagynda bolan, edepli, gaýratly, asylly hem-de başarjaň türkmen ýaşlarynyň zerurlygy barada aýdyldy. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimize medeni mirasymyz, milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýe berilmegi, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmaklyk, ahlak taýdan arassalygy ündemeklik we jemgyýetimiziň sagdynlygynyň her bir maşgala üçin zerurdygy barada aýtmak bilen halkymyzyň beden taýdan berk, akyl taýdan kämil, sagdyn bolmaklaryny gazanmak maksady bilen etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan yzygiderli wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
Altynaý MÄMMETNAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.