KITAP BILIMIŇ ÇEŞMESI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 2118 harby bölümiň mejlisler zalynda çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasynda «Kitap bilimiň çeşmesi» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan ähli kitaplarynyň many-mazmuny we edep-terbiýe ähmiýetli çuňňur manyly eserleri dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watan goragçylaryna edermen türkmen ýigitleri bolup ýetişmäge ähli aladalary edýän hem-de çagyryş boýunça harby gullukçylaryň öwrenmäge kitap okamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il ähmiýetli, ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Züleýha BAÝMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

13 Awgust 2025 | 31 okalan

DÖWLETLI IŞLER – RUHUBELENT ÝAŞLAR

13 Awgust 2025 | 19 okalan

AHLAK PÄKLIGI

13 Awgust 2025 | 10 okalan

KITAP BILIMIŇ ÇEŞMESI