Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, olaryň döredijilige we surat çekmäge bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen etrabyň 3–nji çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda «Bagtyýar zamanaň ajaýyp keşbi» atly surat çekmek bäsleşigi geçirildi.
Körpejeler dürli galamlaryň üsti bilen eziz Diýarymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edýän owadan suratlary çekdiler. Gyzykly geçen bäsleşikde öz ukyp-başarnyklary bilen tapawutlanan zehinlije, suratkeş körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwürýän, ýaş nesilleriň zehinlerini ýüze çykarmakda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyk bildirdiler.
Abat MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.