DÖWLETLI IŞLER – RUHUBELENT ÝAŞLAR

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşiniň guramagynda Bereket etrap çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler zalynda edara-kärhanada zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Döwletli işler – ruhubelent ýaşlar» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler öz çykyşlarynda ruhubelent, edep-terbiýeli, ýokary düşünjeli, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmekleriniň möhümdigi barada belläp geçdiler.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda ýaşlara şeýle ajaýyp döwürde okamaga, öwrenmäge, dynç almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Döwrandurdy ORAZDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň  Balkan welaýatynyň Bereket

etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

13 Oktýabr 2025 | 34 okalan

IL SAGLYGY – ÝURT BAÝLYGY

13 Oktýabr 2025 | 53 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

10 Oktýabr 2025 | 85 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI