AWAZA HALKLARYŇ KÖŇÜL KÖPRÜSI

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň guramagynda Saýat etrabynyň Garabekewül şäher Medeniýet öýüniň kitaphanasynda kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň 4-8-nji awgustynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen «Awaza halklaryň köňül köprüsi» ady bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň esasy wakalarynyň biri bolan ýatda galyjy pursatlara beslenen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen forumyň ýokary derejede guralyp, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geografik ýerleşişiniň dünýäniň beýleki ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklaryna täsir edýändigi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä ýüzünde giň goldaw tapýandygy aýratyn nygtaldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň halkara abraýyny belende galdyrmakda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Jahan KADYROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

15 Awgust 2025 | 5 okalan

AWAZA HALKLARYŇ KÖŇÜL KÖPRÜSI

13 Awgust 2025 | 56 okalan

“MAŞGALAM-BAŞ GALAM”