TÜRKMEN WEKILIÝETI GYRGYZYSTANDA «DARYA» TOMUSKY MEKDEBINE GATNAŞDY

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri 5 – 8-nji awgusty aralygynda Gyrgyzystanda tebigy taýdan owadan Yssyk-Kölüň kenarynda geçirilen bilim bermekde öňdebaryjy halkara «DARYA» tomusky mekdebinde gatnaşdylar.

Tomusky mekdep Merkezi Aziýada hünär bilimini kämilleşdirmek boýunça möhüm sebitleýin çäreleriň biridir. ÝB-niň sebitleýin taslamasynyň çäklerinde guralan «DARYA» çäresi bilimi ösdürmäge hem-de Merkezi Aziýanyň hyzmatdaş ýurtlaryndaGazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda işgär üpjünçiligini berkitmäge gönükdirilendir.

Dört günlük okuwlaryň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim ulgamynyň hünärmenleri üçin mazmunly sapaklar geçilip, şolar interaktiw mejlisler, topar bolup işlemek, pikir alyşmalar hem-de gatnaşyjy her bir ýurt üçin ýol kartasynyň işlenilip düzülmegi bilen utgaşdyryldy.

Tomusky mekdep maksatnamasy: Hünär kämilleşdiriş merkezlerini goldaýan syýasaty işläp taýýarlamak; Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak; Innowasion pedagogik usullar we SCAFFOLD diýen esasy üç ugurlary özünde jemledi.

«Hünär kämilleşdiriş mekdebi» konsepsiýasyna aýratyn üns berildi. Bu ugurdaky strategik çemeleşmeler SCAFFOLD (okatmagyň usulyýeti) we ISATCOVEzüňe baha bermek we hünär ýokarlandyryş ulgamy) ýaly möhüm gurallaryň kömegi bilen görkezildi.

Okuw maslahaty okadyp bilim bermek bilen baglanyşykly öňdebaryjy tejribäni we meseleleri öwrenmek üçin netijeli meýdança öwrüldi. Oňa gatnaşyjylaryň işi uly gyzyklanma bildirmegi, anyk tejribelilik häsiýetine eýe bolmagy bilen tapawutlandy hem-de hünär bilimi ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam etdi.

Türkmen wekiliýetiniň «DARYA» tomusky mekdebine gatnaşmagy köp babatda Türkmenistanda hünär bilimi ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde öňde goýlan wezipeleri halkara ölçeglerine laýyklykda mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam eder.