NESIL TERBIÝESI – MAŞGALADAN BAŞLANÝAR

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşi hem-de etrap jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda, Bereket şäher tikin fabriginiň mejlisler zalynda fabrikde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Nesil terbiýesi – maşgaladan başlanýar» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlaryň we ösüp gelýän nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary ahlakly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Çykyşlarynyň ahyrynda bizi asuda durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Döwrandurdy ORAZDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket

etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

18 Awgust 2025 | 8 okalan

MILLI EL IŞLERI BOÝUNÇA BÄSLEŞIK

18 Awgust 2025 | 6 okalan

DEŇZE ÇYKALGA – DÜNÝÄ ÇYKALGA