MERDANA NESIL – 2025

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşiniň hem-de Etrek etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde okaýan oglanlaryň arasynda yglan edilen «Merdana nesil – 2025» atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi.

Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Şadyýan bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýaş nesillere şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Züleýha BAÝMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2025 | 21 okalan

«ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY»

26 Noýabr 2025 | 30 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

25 Noýabr 2025 | 25 okalan

MERDANA NESIL – 2025