Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň, Gyzylarbat etrap bilim bölüminiň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gyzylarbat etrap komitetiniň bilelikde guramagynda «Bir bar eken, bir ýok eken» atly şadyýan bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň 10-njy çagalar bagynda geçirilip, oňa etrabyň çäginde ýerleşýän çagalar baglarynda terbiýelenýän körpejeler gatnaşdylar.
Bu şadyýan bäsleşik ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda körpejeleriň adyndan hem belli bolşy ýaly bäsleşikde türkmen halk ertekilerinden Akpamykdyr, Böwenjik ýaly ertekilerden sahnalary janlandyryp, şol ertekilerdäki keşpleri başarnykly ýerine ýetirdiler. Elbetde, şeýle bäsleşikler körpejeleriň sahnalarda erkin we şadyýan çykyş etmeklerine, zehinlerini açyp görkezmeklerine has-da itergi berýär. Şadyýan bäsleşigiň ahyrynda Gyzylarbat etrap bilim bölüminiň hünärmeni Zeýnep Tuwakowa çykyş edip, körpejeleri üstünlikli terbiýeläp, sahnada şeýle çykyşlar etmeklerini gazanandygy üçin terbiýeçi mugallymlara minnetdarlygyny bildirdi. Soňra bolsa ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gyzylarbat etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gyzylarbat etrap komiteti tarapyndan höweslendiriji sowgatlar hem-de Gyzylarbat etrap bilim bölümi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.
Şadyýan bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýaş nesillere şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren, parahat, asuda durmuşda okap bilim almak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Şöhrat MÄMMETHANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.












