Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň we etrap jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda edara kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň şäher medeniýet öýüniň mejlisler zalynda «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» ady bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi.
Onuň dowamynda medeniýet öýüniň ajaýyp folklor tanslary, ajaýyp owazly aýdymlary we sahna oýunlary ýerine ýetirildi.
Baýramçylyk duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, halkymyz üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Gülsona AŞYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.












