Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda parahatçylygy pugtalandyrmak, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalaryny ýaşlara düşündirmek maksady bilen «Ýylymyzyň şygary ak ýollara badalga» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Onuň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde döwletimizde hemişelik Bitaraplyk, parahatsöýüjilik, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip, taryh üçin gysga döwürde bolsa-da, halkara derejesinde uly abraý gazanandygyny, hemişelik Bitarap döwletimizde ilatymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna uly ähmiýet berilýändigini, bu günki gün bolsa dünýäde dostlugyň, parahatçylygyň, birek-birege ynanyşmagyň, ynsanperwerligiň mekany saýylýan diýarymyzyň zemin içre at-abraýynyň, meşhurlygynyň has-da artýandygyny, häzirki döwürde ata Watanymyz Türkmenistan zeminiň dürli yklymlarynyň ýurtlary bilen örän ykjam, ysnyşykly dost-doganlyk gatnaşyklary ýola goýýandygyny uly buýsanç bilen bellediler.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde ýaşadýan, täze taryhy döwri peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Abat MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.












