MILLI EL IŞLERI BOÝUNÇA BÄSLEŞIK

Mähriban Diýarymyzda röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly kemala gelmegi, sport bilen meşgullanmaklary, bagtyýar, asuda durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary, rahat dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Tomus möwsüminiň dowam edýän günleri çagalaryň gatnaşmagynda geçirilýän gyzykly, dürli mazmunly çäreleriň, bäsleşikleriň sany artýar.

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Arzuw» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «El hünäri – il gezer» atly milli el işleri boýunça bäsleşik geçirildi. Dynç alýan çagalaryň wagtyny şadyýan we peýdaly geçirmeklerini gazanmak, olaryň medeni mirasymyza bolan hormatyny artdyrmak maksady bilen guralan bu çäre diýseň täsirli boldy. Bäsleşigiň dowamynda el işleri bilen meşgullanmagy halaýan gyzjagazlar öz başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde ýeňiji bolan körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşan çagalar okamaga, öwrenmäge, wagtlaryny şadyýan geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlyk sözlerini beýan etdiler.

Gülbagt PÜRÇIKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Awgust 2025 | 17 okalan

MILLI EL IŞLERI BOÝUNÇA BÄSLEŞIK

18 Awgust 2025 | 13 okalan

DEŇZE ÇYKALGA – DÜNÝÄ ÇYKALGA