SPORT – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Golaýda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň 10-njy çagalar bakja-bagynda Türkmenistanyň  Magtymguly  adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň guramagynda körpeleriň arasynda “Sport – sagdynlygyň sakasy” ady bilen sport ýaryşy geçirildi.

Ýaş nesilleriň wagtlaryny gyzykly hem-de şadyýan geçirmegini gazanmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde çagalar “Şatlyk” we “Şowhun” atly toparlara bölünip, özara bäsleşdiler. Bäsleşik diýseň gyzgalaňly geçdi. Netijede ýeňiji bolan topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Sport  ýaryşynyň ahyrynda oňa gatnaşan bagtyýar çagalar özleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman  Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşly sözleri beýan etdiler.

Aýjennet HYDYROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Tagtabazar etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar