PARAHATÇYLYK — ÖSÜŞLERIŇ KEPILI

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda güneşli Diýarymyz tutuş dünýäde parahatçylygyň we asudalygyň, agzybirligiň hem-de jebisligiň höküm sürýän, demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýan ýurdy hökmünde giňden tanalýar. Ata Watanymyzyň ykdysadyýetde, syýasatda hem-de ynsanperwer ulgamlarda çalt depginler bilen ösýän kuwwatly döwlet hökmünde ykrar edilmegi belent abraý-mertebäniň, gazanylýan üstünlikleriň kepilidir.

Türkmenistan dürli halkara maslahatlaryň, sergileriň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrülýär. Medeniýet we sungat halklaryň arasynda dost-doganlygy, agzybirligiň jebisligi berkidýär. Sagdynlygyň girewi bolan sport hem halklaryň we milletleriň arasyndaky parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýar.

Bütin dünýäde pahatçylygy üpjün etmek maksadynda başlangyçlar bilen çykyş edip gelýän, ata Watanymyzy asudalygyň we parahatçylygyň mekanyna öwüren, ýaşlara okamaga, öwrenmäge, hünär almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Baýmyrat HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar