ROWAÇLY MENZILLERE BADALGA

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň we Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda welaýat kitaphanasynda “Rowaçly menzillere badalga” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerini halk köpçüligine wagyz etmek maksady bilen geçirilen maslahata welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň we beýleki pudaklarda zähmet çekýän ýaşlar hem-de ýaş türgenler gatnaşdylar.

Maslahadyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary K.Täçgulyýew, Mary etrap Geňeşiniň başlygy Y.Tuwakmyradow, Wekilbazar etrap Geňeşiniň başlygy, etrap Halk Maslahatynyň agzasy N.Hümmedow, Türkmen Döwlet energetika institutynyň mugallymy K.Berdiliýew, “Maru-Şahu-Jahan” gazetiniň uly habarçysy Sülgün Şadyýewa dagylar çykyş edip, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän ýokary derejeli taýýarlyk işleri dogrusynda aýratyn belläp geçdiler, şeýle hem, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge halk köpçüliginiň gatnaşmagyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň tutýan aýratyn ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda alyp barýan işlerini beýan etmekde ýaş hünärmenleriň we ýaş wagyzçylaryň öňünde durýan wezipeler düşündirildi. Şeýle hem bu geçirilen maslahat ýaşlara ata-babalarymyzyň geňeş etmek, halka sala salmak ýaly asylly ýörelgelerinden ugur alyp, bu boýunça düşünjeleriniň artmagyna goşant goşdy.

Gülşat ÇETILIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň habarçysy.

Meňzeş habarlar

22 Awgust 2025 | 31 okalan

ROWAÇLY MENZILLERE BADALGA

20 Awgust 2025 | 68 okalan

ÝAŞ TELEKEÇILER BARHA KÄMILLEŞÝÄR

19 Awgust 2025 | 64 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ SAKASY