ÝAŞ KÄRENDEÇILERIŇ ÜSTÜNLIGI

Galla — rysgal çeşmesi, berekediň gözbaşydyr. Muňa oňat düşünýän Sarahs etrabynyň gallaçylary bugdaý oragyny guramaçylykly alyp barýarlar.

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň A.Tekäýew adyndaky daýhan birleşiginiň Serdar Jumaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 1-nji kärendeçilik toparynyň gujurly ekerançylary 95 gektar meýdana däne ekip, bitginli hasyly kemala getirdiler. Gallaçy kärendeçiler şu ýylyň galla oragyna ýokary guramaçylykly girişip, bu işi üstünlikli alyp barmak bilen, ajaýyp zähmet üstünligini gazanýarlar. Toparyň kärendeçileri galla oragynda öň hatarda bolmak bilen, şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etmegiň hötdesinden geldiler. Olar Watan harmanyna 260 tonnadan gowrak ak bugdaýy goşmagy başardylar.

Galla oragynda däne ýygnaýjy kombaýnlaryň ýokary öndürijilikli işledilmegi netijesinde şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edýän kärendeçileriň sany barha artýar. Önümçiligiň bu pudagynda zähmet çekýän gallaçy kärendeçileriň arasynda ýaşlaryň uly topary görelde görkezip işleýärler. Şeýle ýaşlaryň biri hem ýaş kärendeçi Rüstem Hudaýnazarowdyr. Ol özüniň 2 gektar kärende ýeriniň her gektaryndan 30 sentnerden geçirip hasyl almagy başardy. Galla oragynda öňdebaryjy ýaşlaryň gazanýan zähmet üstünlikleriniň has-da artmagynda jemgyýetçilik guramalarynyň guraýan höweslendiriji çäreleriniň ähmiýeti has-da uludyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň kärendeçileriň, kombaýnçylaryň, däne daşaýjy awtoulaglaryň sürüjileriniň arasynda öňdebaryjylary höweslendirmek boýunça guran çäresi muňa mysal bolup biler.

Arzygül MYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

18.06.2019ý.

Meňzeş habarlar

22 Oktýabr 2025 | 113 okalan

GÖWÜN SÖÝEN GÜÝZÜM