ULAG ULGAMYNDA SANLY YKDYSADYÝET

Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde köpşahaly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda milli Liderimiziň başyny başlan iri möçberli taslamalary, şol sanda hereket edýän we gurulýan täze awtomobil hemde demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, raýat awiasiýasynyň, gämi gatnawynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek we giňeltmek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol taslamalaryň durmuşa geçmegi bilen, ýurdumyzda sanly ulag ulgamynyň kemala getirilmegi hem, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda ileri tutulýan işleriň biridir.

Bu ulgamda sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň esasy maksady, müşderilere hyzmatlaryň hilini we üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak bilen, ulgamy sanlaşdyrmakda alnyp barylýan işleri çaltlaşdyrmakdyr.

Şeýle-de Türkmenistanda sanly ulag ulgamyny ösdürmegiň esasy wezipesi ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, ulag edaralarynda edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmakdan we usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Sanly ulag ulgamyny ösdürmek we bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegiň we ýaýratmagyň, ýurdumyzyň ulag edaralarynyň tehnologiýa taýdan has-da ösdürmegiň çaltlaşdyrylmagyny, şeýle hem ulag hyzmatlaryndan peýdalanmak isleýän raýatlar üçin elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we şol maglumatlaryň tor arkaly elýeterliligini üpjün etmegi göz öňüne tutýar.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, islendik öndürilen önüm ony sarp edijä ýetirmek zerurlygyny döredýär. Bu ugurda diňe bir ulag däl, eýsem, haýsydyr bir serişdeleri, harytlary we önümleri bir nokatdan beýleki bir nokada gysga ugurlar bilen daşamagy üpjün ediji guramalaryň oýlanyşykly logistik ulgamy möhüm orun eýeleýär. Häzirki wagtda Türkmenistan demir we awtoulag ýollarynyň ösen ulgamyny we multimodal transkontinental ýollary gurmagyň hasabyna ýükleri da­şa­mak üçin, De­mir­ga­zyk — Günor­ta, Gün­ba­tar — Gün­do­gar ug­ry boýunça logistik düzümiň köpşahaly ulgamyny döredýär. Ol özüne Hazar we Gara deňizlerine, Baltika sebitlerine üstaşyr yklymlaýyn geçelgeleri birleşdirýär. Şonuň ýaly-da Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty ýaly ägirt uly taslamalar bu ugurda geçirilýän işleri has-da kämilleşdirmäge şert döredýär.

Daşary ýurt tejribeleri howa arkaly ýük daşamak işlerinde halkara ülňülerini ulanmak, şeýle-de multimodal geçelgeleri ösdürmek arkaly ýük geçirijiligini ýokarlandyrmagy kagyz resminama dolanyşygyny azaltmagyň hasabyna gazanyp bolýandygyny görkezýär.

Türkmenistanyň sanly ulag ulgamyna geçmeginde, wideogözegçilik wezipeleriniň ýerine ýetirilmeginde, ýol hereketini dolandyrýan sürüjileri howa şertleri bilen tanyşdyrýan we ulag hyzmatlarynyň elektron tölegini birleşdirýän maglumat binýadynyň döredilmegi zerur bolup durýar. Öňki bar bolanlardan has kämil programma üpjünçilikleriniň ornaşdyrylmagy howa we demir ýol peteklerini satyn almak işini ep-esli ýeňilleşdirer. Şeýlelikde, sanly intellektual ulag-logistika ulgamyny ösdürmäge uly şertleri döreder. Munuň özi müşderileriň işewürlik mümkinçiligini artdyrmaga, öndüriji bilen sarp edijini birleşdirmäge, olary çig mal bilen üpjün etmäge, ammar gorlaryny dolandyrmaga, ulag şahalarynyň binýadynda dürli görnüşli ulaglaryň arabaglanyşygyny guramaga mümkinçilik berer. Bularyň ählisi wagty we maliýe çykdajylaryny ep-esli azaldar.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda-da ulag we demir ýollaryny ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrýan ýolagçy we ýük geçirijiligi babatynda çaklamalary kämilleşdirmek boýunça birnäçe çäreler göz öňüne tutulandyr. Türkmenistanyň okgunly ösýän ykdysadyýeti ýurdumyzyň ulag ulgamynyň öňünde diňe bir düzümleriň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça goşmaça talaplary däl, eýsem, täze tehnologiýalary we innowasion çözgütleri ornaşdyrmak, hyzmatyň hem-de meýilleşdirmegiň hilini ýokarlandyrmak, iş dolandyrmakda päsgelçilikleri azaltmak ýaly wezipeleri hem öňe sürýär.

Ýurdumyzyň ulag ulgamynda öňe sürülýän wezipelere üstünlikli ýetmek üçin, sanly ulag ulgamyny kemala getirmegi maksadalaýyk iş hasaplamak bolar. Sanly ulag ulgamy ulaglaryň ähli görnüşleriniň we maglumat tehnologiýasynyň utgaşykly işleýän ýeri bolup, özünde ulag ulgamyny modelirlemegi we ulag hereketini howpsuz dolandyrmagy bir ýere jemleýär.

Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan «Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýedi ýylyň içinde ýurdumyzyň mundan-da ynamly depginde ösüşine, ösüşiň täze sanly innowasion ýoluna geçmäge ýardam eder.

Ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşy we röwşen geljegi barada irginsiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Baýrammuhammet ATANEPESOW

“Nesil” gazeti,

20.06.2019ý.

 

Meňzeş habarlar

22 Oktýabr 2025 | 102 okalan

GÖWÜN SÖÝEN GÜÝZÜM