Iýun aýynyň 11-15-i aralygynda Türkiýe Respublikasynda «OKSEF 2019» atly halkara taslama bäsleşigi geçirildi. «Gelejegiň alymlary» atly şygar bilen geçirilen taslama bäsleşigine jemi 26 döwletden gelen okuwçylaryň himiýa, biologiýa, kompýuter-matematika, fizika, energiýa-inženerçilik ýaly ugurlaryň 6-syndan taýýarlan şahsy we toparlaýyn taslama işleriniň 400-den gowragy hödürlendi. Bäsleşigiň jemleri boýunça Türkmenistana wekilçilik eden ýaş himiklerden we fiziklerden düzülen toparyň taslama işleri hem ýokary baha mynasyp boldy. Zehinli ýaşlarymyza Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň himiýa mugallymy Atamyrat Şahanow ýolbaşçylyk etdi.
Şeýlelikde, Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçylary Ysmaýyl Berdiýew hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyna salgylanyp üstünde işlän «Ýüzärligiň ýyladyşhanalarda zyýankeşlere garşy göreşmekde ähmiýetini öwrenmek», Abraý Bakyýew «Polimer zyňyndylaryny, plastmassalary ýol gurluşygynda peýdalanmak», Aýjahan Gulhanowa awtoulaglary reňki, belgisi arkaly anyklap, gapyny açyp içine ýerleşdirýän «Akylly garaž», Aşgabat şäherindäki 28-nji orta mekdebiň okuwçysy Züleýha Gylyçhanowa «Bakteriýalaryň hereketini öwrenip, geljekde iň kiçi robot tehnologiýalary üçin ulanmak» atly taslama işleri bilen üstünlikli çykyş edip, olaryň 4-si hem altyn medala eýe boldular.
Ýazgül KAKAGELDIÝEWA,
talyp.
“Nesil” gazeti,
22.06.2019ý.