Ýaşlar — jemgyýetimiziň aýdyň geljegi. Şonuň üçin ýurdumyzda olaryň ösüp, kemala gelmegi we ilhalar nesiller bolup ýetişmekleri üçin ähli oňyn mümkinçilikler döredilen. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan geçirilen «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda çagalaryň we ýaşlaryň goşandy» atly ýaşlaryň maslahat beriji forumynda ýaýbaňlandyrylan çykyşlarda hem muňa aýdyň göz ýetirmek mümkin. Maslahat beriji forumyň başynda görkezilen sergi berkarar döwletimiziň bagtyýar çagalarynyň ukyp-başarnyklarynyň ýokarydygyny ýene bir ýola görkezdi. «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynyň» kabul edilmeginiň bir ýyllygy mynasybetli geçirilen foruma Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, bilim işgärleri, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar.
«Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda çagalaryň we ýaşlaryň goşandy» atly ýaşlaryň maslahat beriji forumyna gatnaşyjylaryň ýürek sözi:
Gahryman ROZYÝEW:
Türkmenistanyň Mejlisiniň ylym-bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy:
— Adam mertebesi ilkinji orunda goýulýan döwletimizde çagalaryň eşretli ýaşamagy üçin asylly işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, hakyky demokratik jemgyýete mahsus bolan çaganyň hukuklary «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda öz beýanyny tapýar. Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary bilen birlikde, olaryň boş wagtlaryny netijeli geçirmekleri we medeniýetli dynç almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna» laýyklykda, giň dünýägaraýyşly, kämil ýaşlaryň kemala gelmegi üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň tassyklanan Meýilnamasy hem döwletimizde ýaşlara näderejede üns berilýändigini aýdyň görkezýär.
Türkmenistan Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýa goşulmak bilen, çagalaryň hukuklaryny goramak, öz ýaş raýatlarynyň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek meselelerini çözmäge örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini bütin dünýä äşgär edip, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz we öz wagtynda ýerine ýetirýär. Şonuň ýaly-da, döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýän Birleşen Milletler Guramasynyň aýallaryň we çagalaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilen örän möhüm resminamalarynyň tutuş toplumyna goşulandygyny bellemelidiris.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň ösüş derejesini kesgitleýän esasy şertleriň biri bolan çagalaryň bagtly durmuşyny üpjün etmek babatda durmuşa geçirilýän işler uludyr. Forumyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ýeten sepgitleri açylyp görkezildi. Çagalaryň ýagty geljegi ugrunda bimöçber işleri durmuşa ornaşdyrýan milli Liderimize ýaşlaryň alkyş sözleri çäksizdir.
Aýgözel MUHAMMEDOWA,
Ýaşlar merkeziniň utgaşdyryjysy:
— Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen köp ýyllardan bäri hyzmatdaşlyk etmek bilen, enäniň, çaganyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, wagyz etmek, bu babatda milli kanunçylygy halkara talaplarynyň derejesine ýetirmek boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklary alyp barýar. Biziň döwletimiziň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy hem ýurdumyzyň bu babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürýändigini görkezýär. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň öz borçnamalaryny ýerine ýetirip, halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygynyň ýola goýlandygynyň aýdyň şaýadydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda çagalaryň beden we akyl taýdan ösüp kemala gelmegi, abadan durmuşda ýaşamagy üçin, şol sanda olara lukmançylyk kömegini almaga, olaryň saglygyny goramaklary we berkitmekleri, kadaly iýmitlenmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Mähriban Diýarymyzda hereket edýän Ýaşlar merkezi hem Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde hyzmatdaşlykda birnäçe işleri alyp barýar. Esasan-da, ýaş nesilleriň ýaramaz endiklerden daşda durup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini gazanmak biziň baş maksadymyzdyr. Ýaşlaryň arasynda duşuşyklary yzygiderli geçirip durýarys. Olara gender deňligi, reproduktiw saglyk, kadaly iýmitlenmegiň ähmiýeti, dürli kesellerden goranmagyň kadalary dogrusynda sada we düşnükli dilde düşündirýäris. Häzirki wagtda çagalaryň aglaba bölegi çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýarlar. Ol ýerde hem ýaş nesillere bu ugurda dürli oýunlaryň we wideoşekilli ýazgylaryň üsti bilen düşündirýäris.
Ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde dünýä tanadýan milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!
Ýazga geçiren Hallygözel ŞANAZAROWA, «Nesil».
“Nesil” gazeti,
25.06.2019ý.