PARAHATÇYLYK MEDENIÝETI WE ÝAŞLAR

Parahatçylyk — adamzadyň iň uly gymmatlyklarynyň biri. Ol diňe bir jemgyýetleriň arasynda däl-de, eýsem her bir adamyň kalbynda, gündelik durmuşynda hem öz beýanyny tapýan düşünje. XXI asyrda dünýäniň ösüş ýoluny kesgitleýän möhüm ýörelgeleriň biri hökmünde parahatçylyk medeniýeti aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.

Parahatçylyk medeniýeti — jemgyýetiň ähli gatlagynda ynanyşmagyň, hormatyň, hoşniýetliligiň we özara düşünişmegiň orun tapmagy bilen baglanyşykly düşünjedir. Ol dürli pikirleriň we garaýyşlaryň barlygyny kabul etmegi, medeniýetleriň arasynda dostluk köprülerini gurmagy, adamkärçiligi we ynsanperwerligi kämilleşdirmegi, hyzmatdaşlyk arkaly ösüşi üpjün etmegi maksat edinýär.

Şonuň üçin bu düşünje diňe bir çykyşlarda we ylmy işlerde däl-de, gündelik durmuşda hem ýaşlaryň dünýägaraýşynda-da mäkäm orun eýelemelidir. Çünki, ýaşlar — jemgyýetiň iň döredijilikli bölegi. Olar täze pikirleri bilen öňe çykýarlar, döwrebap tehnologiýalary, täzelikleri özleşdirýärler we jemgyýetiň ösüşine güýç berýärler. Hut şol sebäpli ýaşlaryň arasynda parahatçylyk medeniýetiniň ornaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir.

Bilim ulgamynda ýaşlara parahatçylykly gatnaşyklary öwretmek olaryň açyk we giň dünýägaraýyşly nesil bolup ýetişmegine ýardam edýär. Dostlukly gatnaşyklary ösdürýän çäreler bolan – sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri, halkara forumlar ýaşlaryň arasyndaky gatnaşyklara baýlyk goşýar. Meýletinçilik hereketleri bolsa jemgyýete hyzmat etmegiň, kömekleşmegiň we ynsanperwerligiň nusgasydyr. Şeýle başlangyçlarda ýaşlaryň gatnaşmagy olaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrýar. Parahatçylykly şertlerde ýaşlaryň döredijilik mümkinçilikleri giňden açylýar. Olar ylym-bilimde, sungatda, sportda täze sepgitlere ýetýärler. Şeýle jemgyýetde ýaşlaryň başlangyçlary goldanylýar, olaryň dünýäniň dürli ýurtlaryndaky ýaşlar bilen gatnaşyklary berkeýär, netijede täze mümkinçilikler peýda bolýar.

Türkmenistanda parahatçylyk ýörelgesi döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz halkara giňişlikde dost-doganlygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde tanalýar. Ýaşlaryň dürli halkara çärelerinde, ylmy maslahatlarda, sport bäsleşiklerinde işjeň çykyş etmegi bolsa ýurdumyzyň abraýyny has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli alnyp barylýan ýaşlar syýasaty döredijilige, innowasiýalara we halkara hyzmatdaşlyga giň ýol açýar. Şol mümkinçilikleriň miwesi bolan türkmen ýaşlary bolsa diňe bir ýurdumyzyň ösüşine goşant goşmak bilen çäklenmän, bütin dünýäde-de parahatçylygyň ilçileri hökmünde çykyş edýärler.

Şanur KLYŞOW,

Magtymguly adyndaky

TDU-nyň mugallymy.

Meňzeş habarlar