Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda «Meniň Watanym» atly şygar astynda Görogly etrabynyň çägindäki taryhy ýerlere gezelenç çäresi geçirildi.
Çärä gatnaşanlar etrabyň Ýagtylyk geňeşliginiň çägindäki Zamahşar galasynyň ýadygärligine, etrabyň Zaman geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Ysmamyt atanyň aramgähine bardylar. Bu taryhy ýerler hakyndaky gymmatly maglumatlar, gyzykly rowaýatlar bilen ýakyndan tanyşdylar.
Gezelenç çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli mirasymyzy öwrenmäge, geljekki nesiller üçin aýawly saklamaga giň mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Kemal SABYROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.