Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşi, Ruhubelent etrap Türkmenistan daýhan birleşiginde «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyny dabaralandyrmak hem-de gyzgalaňly geçýän pagta möwsüminde pagtaçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen «Harmanyňa bereket-ömrüňe bereket» atly şygar astynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda pagtaçylaryň arakesme wagtlarynda medeniýetli dynç almaklary üçin etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ajaýyp aýdymlaryna uly orun berildi. Duşuşygyň dowamynda öňdebaryjy pagtaçylara, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ruhubelent etrabynyň hem-de Demokratik Partiýasynyň etrap komitetiniň sowgatlary gowşuryldy. Duşuşyk çäresine gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Maýsa ARAZJANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Ruhubelent etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.