BAKY BITARAPLYK — BAKY BAGTYMYZ

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat we Daşoguz şäher Geňeşleriniň bilelikde guramagynda «Türkmeniň ak öýi» binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen «Baky Bitaraplyk — baky bagtymyz» atly «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler, häzirki wagtda hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýandygy we onlarça halkara guramalaryň agzasy bolup durýandygy, döwletimiziň alyp barý oňyn Bitaraplyk ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň halkara derejesinde ýokary abraýa we giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkara giňişliginde hoşniýetli gatnaşyklary, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Çynar MÄMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

17 Oktýabr 2025 | 46 okalan

BAKY BITARAPLYK — BAKY BAGTYMYZ

17 Oktýabr 2025 | 33 okalan

HARMANYŇA BEREKET – ÖMRÜŇE BEREKET

17 Oktýabr 2025 | 32 okalan

HARMANYŇYZA BEREKET EDERMEN BABADAÝHANLAR!