Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň hem-de Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda şol mekdebiň talyplarynyň gatnaşmagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Ylym — röwşen geljegimiziň ýalkymy» atly şygar astynda ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamagy, bu maksatnamanyň bagtyýar ýaşlaryň bilim almagy, öz saýlan hünäri boýunça kämilleşmegi, ýaşlaryň döredijiligini kemala getirmegi babatda döredilýän mümkinçilikleriň esasyny düzýändigini belläp geçdiler.
Maslahata gatnaşanlar Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Çynar MÄMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri