BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI

Ýurdumyzda her ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilip geçilýär. Bilimler we talyp ýaşlar güni okuw ýylynyň başlanmagy ýurduň ylym-bilim ulgamyndaky üstünlikleriniň, ýaşlaryň mümkinçilikleriniň dabarasy hökmünde hem uly ähmiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriň çuňňur ylmy binýadynyň kemala getirilmegi üçin ylym ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Diýarymyzyň sebitleriniň we etraplarynyň köpüsinde täze binalaryň açylyş dabarasy boldy. Olaryň açylyşyna ýerine ýetiriji häkimiýetiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýerli ilat gatnaşdylar.

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlaryna hem-de 39-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde amala aşyrylýan işler biziň her birimizi çäksiz buýsandyrýar. Ýaşlar syýasaty bilen utgaşykly durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegine we kämilleşmegine, ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende göterilmegine mümkinçilik berer.

Durdy MÄMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

04 Sentýabr 2025 | 18 okalan

“TEGELEK STOLUŇ” BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK

04 Sentýabr 2025 | 12 okalan

BILIM BAGTYÝAR EÝÝAMYŇ BINÝADY