Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň, Kerki etrap häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap komitetiniň bilelikde guramagynda Kerki etrabynyň medeniýet merkezinde etrabyň çäginde ýaşaýan raýatlaryň, bilim işgärleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmäge, döwletimiziň barha kuwwatlanmagyna we gülläp ösmegine gönükdirilen çözgütleri halk köpçüligine wagyz etmek maksady bilen «Ösüşiň täze tapgyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy Arzuw Rahmanowa, Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap komitetiniň işgäri Maýa Jumaýewa hem-de etrabyň ýaşaýjysy ýaşuly nesliň wekili Nedir Egamberdiýew çykyş edip, Halk Maslahatynyň ähmiýeti, maksady, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny, halkymyzyň, ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine üýtgewsiz ygrarlydygy hakynda belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar eşretli, asuda, parahat durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.