SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI

Ýakynda 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli Kerki etrabynyň 1-nji sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň Kerki etrap bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde tassyklanan düzgünnama esasynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda sportuň “Dzýu-do” görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.

Dürli ýaşdaky oglan-gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşik gyzgalaňly dowam edip, ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň soňunda oňa gatnaşan ýaş türgenler eşretli durmuşda ýaşamaga, sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

04 Sentýabr 2025 | 7 okalan

“TEGELEK STOLUŇ” BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK

04 Sentýabr 2025 | 2 okalan

BILIM BAGTYÝAR EÝÝAMYŇ BINÝADY