BILIMLI ÝAŞLAR — BEÝIK WE ŞÖHRATLY GELJEK

Ýakynda Çärjew etrabynyň 2111 harby bölüminiň maslahatlar zalynda  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 2111 harby bölüminiň harby gullukçylarynyň, hem-de etrabyň ýaşuly nesilleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyk we onuň ähmiýetini ýaşlara wagyz etmek maksady bilen «Bilimli ýaşlar– beýik we şöhratly geljek» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkagadymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň, çäk bitewüliginiň, halkymyzyň parahat durmuşynyň goragyna gönükdirilip, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine hem-de parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasata üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýandygyny aýratyn nygtap geçdiler.

Nasiba ŞERALIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Sentýabr 2025 | 18 okalan

“TEGELEK STOLUŇ” BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK

04 Sentýabr 2025 | 12 okalan

BILIM BAGTYÝAR EÝÝAMYŇ BINÝADY