Hormatly Prezidentimiz 19-njy awgustda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda: «Ýurdumyzda geçirilýän atçylyk sport ýaryşlarynyň halkymyzyň baý atçylyk däplerini hasda ösdürmäge, milli buýsanjymyz bolan, asyrlaryň dowamynda şöhratlanan ahalteke bedewlerimizi bütin dünýäde wagyz etmäge ýardam berýär» diýip belledi. Şu ýyl güýzki at çapyşyklaryny sentýabr aýynyň birinji ongünlüginde başlamagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz 7-nji sentýabrda ýetginjekleriň, 8-ine bolsa çapyksuwarlaryň arasynda ýaryşlaryň ýokary derejede guralmagyny tabşyrdy.
Mawy ýaýlymda bu jümleleri diňläp oturyşyma, «At — myrat» atly şygar bilen Aşgabat atçylyk sport toplumynda güýzki at çapyşygyna tomaşa edenim biygtyýar ýadyma düşdi. Ir säherden giden mähelläniň arasynda oturyp, her bir aýlawa goýberilýän bedewlere janköýerlik etmegiň ynsana eçilýän lezzetini, ruhy güýjüni, gözelligini hiç bir zat bilen çalşyp bolmaýar. Şol günem şeýle bolupdy.
Hormatly Prezidentimiziň güýzki at çapyşyk möwsüminiň açylmagy mynasybetli dabara gatnaşmagy nesilleriň özara baglanyşygynyň, halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň gülläp ösýändiginiň ýene bir aýdyň nusgasy bolupdy. Ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly işleri bitirýän hormatly Prezidentimiziň Dosthan diýen bedewiň üstünde çapuw ýodasynda aýlanmagy, aty haýal hem-de okgunly hereketlere eýerdip bilmegi çapyksuwarlyk sungatyndan kämillik bilen baş çykarýandygyny görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň başyny başlap beren her bir işi täze badalga eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň bedewlere bolan söýgüsi, dürli sport görnüşlerine gatnaşmagy ýaşlaryň arasynda şol ugra bolan höwese galkynyş berýär, olaryň beýik Halypadan görelde alyp, täze belentliklere ýetmäge hyjuwlaryny artdyrýar. Şol gün hem milli Liderimiz ussat çapyksuwarlar bilen çapuw meýdançasyna çykyp, ýaş çapyksuwarlara ak pata berdi. Olaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň agtygynyň hem bolmagy halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň mukaddes dowamata eýe bolýandygynyň ýene bir aýdyň nyşanyna öwrüldi. Milli Liderimiziň agtygynyň çapan Garahan diýen aty çapyşygyň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Elbetde, ýaryşa goýberilen bedewiň gelip çykyşynyň hem, seýsiniň ussatlygynyň hem, seýisleniş döwrüniň nähili geçişiniň hem uly ähmiýeti bar. Emma çapyksuwarlar bilen bedew atyň sözsüz düşünişip bilmegi hem wajyp ähmiýete eýe bolup durýar eken. Ine, şu ýerde ahalteke bedewleriniň duýgurlygy hem-de çapyksuwarlaryň ussatlygy ýüze çykýar.
Gahryman Arkadagymyzyň agtygynyň hereketlerine buýsanç bilen syn etmeginde milli däplerimiziň dowamat-dowam bolýandygyna buýsanç duýulýardy. Bu ýaryşda pellehanadan birinji bolup geçen hormatly Prezidentimiziň agtygy Kerimguly Berdimuhamedow Garahan atly bedewi bilen ýaryşyň ýeňijisi boldy.
Jemgyýetimiziň geljegi bolan ýaş nesle bilim-terbiýe bermek işi mugallymlara, halypalara ynanylýar. Olara jemgyýeti ösdürmek we döredijiligi kämilleşdirmek, hemmetaraplaýyn ösen sagdyn nesli kemala getirmek meselesi ynanylýar.
Milli Liderimiziň şaýollara, köçelere, obalara, şäherçelere meşhur seýisçileriň atlaryny dakmak ýaly teklipleri halk köpçüliginiň arasynda uly goldawa mynasyp bolýar. Şeýle nusgalyk işler ösüp gelýän ýaş nesillerimizde atçylyk sungatyna bolan höwesi döretmekde aýratyn uly ähmiýete eýedir. «Halypa» diýen uly derejäni gazanmak üçin, köp zähmet çekmeli, ýaşlaryň her biriniň hüý-häsiýetlerini öwrenip, arzuw-hyýallarynyň durmuşa geçmegine ýardam bermeli, bilelikde işlemeli, görelde bolmaly. Halypa ýaşlaryň arzuwyna ganat bermeli. Olarda bilesigelijiligi oýarmaly. Hormatly Prezidentimiziň atasynyň agasy Aba Annaýew hem ökde seýis hökmünde il içinde tanalýan adam. Türkmeniň meşhur atşynaslary Babaly Taýmazowyň, Agamyrat Annaseýidowyň, Kakamyrat Agamyradowyň, Annaseýit Babaýewiň maşgalalary «Ata kesbi — ogla halal» nakyla eýerip, bu ugurda özboluşly terbiýeçilik mekdebine öwrülipdir. Olaryň bedewlere bolan yhlaslary bimöçberdir. Ata agtyga, kaka ogla, aga inä tälim berýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda atçylygy, atly sporty ösdürmek barada hem uly alada edýär. Atly sport dünýä döwletleriniň arasynda giň gerime eýe bolan sportuň bir görnüşi bolmak bilen, ýaşlarda batyrlygy, gaýduwsyzlygy, ugurtapyjylygy, çalasynlygy we öz-özüňe erk etmegi terbiýeleýär. At münmek, atly gezelenç etmek adamyň beden we ruhy sagdynlygyny terbiýelemekde örän uly ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde at münmegiň hem-de at oýnatmagyň çylşyrymly tilsimlerini, türkmen milli at üstündäki oýunlary, at çapyşygy ýaryşlarynyň geçirilişini çuňňur we kämil derejede öwrenmek bilen baglanyşykly ýurdumyzda, şol sanda degişli ýokary okuw mekdeplerinde uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen atçylyk sport toplumlary guruldy. Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda okuw merkeziniň we üsti ýapyk meýdançanyň döredilmegi bu ugra höwesli ýaşlary terbiýelemekde esasy merkezleriň biridir. Bu ýerde türgenler çapyşygy, uzak aralyga çapuw, päsgelçilikden geçmek we beýlekiler ýaly sportuň atly görnüşleri boýunça okuw türgenleşiklerini geçýärler. Okuw-usulyýet merkezi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň nazary okuwlaryny hem-de tejribeçilik geçmegi üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Şeýle mümkinçilikler ýaşlaryň atçylyga we atçylyk sportuna bolan gyzyklanmalarynyň has-da artmagyna ýardam berýär.
Ynam bildirilýän nesil hemişe maksada okgunly, täze başlangyçlara baý, döredijilige hyjuwly nesil bolýar. Şeýle mynasyp nesliň kemala gelmeginde ýaşlara tälim berýän mugallymlaryň we halypalaryň taýsyz tagallalary, irginsiz zähmeti bardyr.
Aknur ATAÝEWA, «Nesil».
“Nesil” gazeti,
22.08.2019ý.