TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY — MILLI DEMOKRATIÝANYŇ DABARALANMAGY

Oguz han atamyzyň döwründen bäri atly-abraýly, akylly, paýhasly adamlary çagyryp, geňeş etmek ýörgünli. Bu babatda «Oguznamalarda» täsirli maglumatlar getirilýär. Oguz hanyň her bir ähmiýetli meseläni halk bilen, il-gün bilen geňeşip çözendigi hakynda aýdylýar. Seljuk türkmen döwletini esaslandyran Togrul beg hem 1040-njy ýylda Gaznaly döwletini ýeňen ýeri bolan Daňdanakanda türkmen topragynyň çar künjegine habar iberip, täze döwleti jar edýär we halk bilen geňeş edip, Mäne babadan ak pata alýar...

Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde halk bilen geňeşmek — Halk Maslahatlaryny yzygiderli geçirmek indi däbe öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz köküni Oguz han türkmeniň döwründen alyp gaýdýan Halk Maslahatyny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, millilik ýaly many-mazmunlar bilen baýlaşdyrýar. Halkyň agzybirligini jemgyýeti dolandyrmagyň halkara ähmiýetli guraly hasaplaýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler bilen birlikde halk häkimiýetini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň möhüm ähmiýetini häsiýetlendirmek bilen, ata-babalarymyzyň döwlet gurluşynda toplan baý tejribesine daýanýar. Ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilendigini belleýär. Şeýlelikde, Halk Maslahatynyň döredilmegi bilen, häkimiýetiň wekilçilikli edarasynyň aşakdan ýokaryk bitewi ulgamy döredilýär, gutarnykly logiki häsiýete eýe bolan halk wekilçilikli edaralarynyň berk sütüni kemala gelýär. Şu nukdaýnazardan alanyňda, Halk Maslahaty Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň däbe öwrülen milli binýadyny düýpli ösdürýär we kämilleşdirýär.

«Döwlet adam üçindir!» diýen beýik taglymaty öňe süren hormatly Prezidentimiziň ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli her bir başlangyjy özüniň ýokary netijesini berýär. Milli Liderimiziň baştutanlyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde hem mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berildi. Onda ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşylypdy. Maslahatda kabul edilen şol wezipeler häzirki wagtda üstünlikli ýerine ýetirilmek bilen, Halk Maslahatynda garalýan meseleleriň döwlet derejesinde ähmiýetiniň ýokarydygyny görkezýär. Halk hojalygynyň dürli ugurlary — ylym-bilim, medeniýet, sungat, oba hojalygy, saglygy goraýyş, elektrik energetikasy, nebitgaz, maşyngurluşyk, metallurgiýa, himiýa, gurluşyk, elektron, ýeňil we azyk senagaty pudaklarynda, şeýle-de beýleki toplumlarda ýetilen beýik sepgitler diňe bir döwlet derejesinde gazanan üstünligimiz bolman, eýsem, parahatsöýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän hem-de döwletlerdir halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan ýurt hökmünde eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrýar.

Ýakynda ýokary derejede geçen birinji Hazar ykdysady forumy hem Hazarýaka, şonuň ýaly-da sebit döwletleriniň çygryndan çykyp, bütin dünýäniň global hyzmatdaşlygyna oňyn täsirini ýetirdi. Bu ykdysady forumyň çäklerinde daşary döwletlerden gelen wekilleriň nygtamagyna görä, forumda edilen çykyşlar, orta atylan täze teklipler sebitiň ähli babatda oňyn ösüşlerini işjeňleşdirmäge, kenarýaka halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga, globallaşýan dünýäde Hazarýaka döwletleriniň ornuny berkitmäge ak ýol açdy. Bu forum Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny ýene bir gez belende göterdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde başga-da möhüm meseleleriň birnäçesine aýratyn seredilip, olaryň ählisi boýunça ýokary netijeli işler alnyp baryldy. Olaryň çäklerinde oba hojalygyny mundan beýläk-de özgertmek boýunça edilen işler, gazanylan üstünlikler bimöçberdir. Delillendirip aýdanymyzda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda iri maldarçylyk toplumlarynyň gurulmagy netijesinde mallaryň we guşlaryň baş sany artdyrylýar. Ekinleri ýetişdirmek üçin, ähli welaýatlarda ýyladyşhana hojalyklary döredilýär. Ilatymyz hem-de daşary ýurtlara ibermek üçin, oba hojalyk önümleri bilen ýylyň bütin dowamynda üpjün etmäge mümkinçilikler artdyrylýar. Ýurdumyzyň sebitlerinde et, süýt we gök önümlerini saklamak üçin üpjünçilik ulgamlary döredilýär. Ýerleriň durkuny täzelemek, melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, hasylyny ýokarlandyrmak, täze suwaryş usullaryny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleriň dowam etdirilmegi bilen, halkymyzyň bagtyýar, asuda, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak meselelerinde-de aýratyn durup geçmek bilen, «Berkarar Watanymyzy senagat taýdan ösdürmek, elektron senagatyny döretmek, sanly ykdysadyýete geçmek, gymmatly kagyzlaryň bazaryny emele getirmek, bazar ykdysadyýeti we telekeçilik, şeýle hem hukuk ulgamy, häzirden köp sanly hünärmenleri talap edýär» diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ähli ünsüň örän zerur bolan maliýe, sanly ykdysadyýet, oba hojalyk, senagatlaşdyrmak we elektron senagaty boýunça täze okuw maksatnamalarynydyr meýilnamalaryny taýýarlama-ga gönükdirilmelidigini nygtady. Şeýlelikde, häzirki döwürde Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň we Ahal welaýatynyň Owadandepe şäherçesinde hem tebigy gazdan «Euro-5» ölçeginiň ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän ECO-93 görnüşli benzin (gaz benzini) öndürýän zawodyň gurluşygy tamamlanyp, halkyň hyzmatyna berildi. Elbetde, bu işleriň ählisiniň özeninde ýaşlar hakyndaky aladalar bolmak bilen, ilkinji nobatda, olaryň iş bilen üpjünçilik meselesine oňyn täsirini ýetirdi.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk toýunyň öň ýanynda — «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň 25-nji sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän syýasy-jemgyýetçilik çäresi bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem aýratyn mana eýe bolar. Çünki halkymyzyň taryhynyň doly we dogruçyl öwrenilýän häzirki döwründe geçiriljek Halk Maslahatynda jemgyýetimizi milli demokratik ýörelgeler esasynda ösdürmek boýunça gazanan üstünliklerimizi has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, türkmen halkynyň milli demokratik ýörelgelerine eýerip, ata-babalarymyzyň baý taryhy tejribesini göz öňünde tutup, şeýle-de türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet ähmiýetli, giň gerimli işleri dogrusynda halkymyzyň wekilleri bilen giňden ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak boýunça hem ýaşlaryň möhüm başlangyçlaryny doly goldaýarys» diýip, olara uly ynam bildirmegi netijesinde açyklyk hem-de aýanlyk görnüşinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyna halkymyzyň dürli kärdäki raýatlary bilen birlikde ýaşlaryň-da gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlara berilýän ünsüň uludygyny, şeýlede ýaşlarymyzyň jemgyýetde we halkyň bähbidine gönükdirilen işlerde mynasyp ornunyň bardygyny görkezýär.

Şonuň esasynda Halk Maslahatynyň nobatdaky ikinji mejlisini guramaçylykly geçirmek, bu ýokary wekilçilikli edaranyň ygtyýarlyklaryny düşündirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan hem birnäçe işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän, ylym-bilim ojaklarynda okap, bilim alýan ýaşlarymyzyň arasynda Halk Maslahatynyň ähmiýeti we ony guramaçylykly geçirmek babatynda dürli wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Teleradioýaýlymlarda birnäçe gepleşikler we tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler guralýar. Şeýle-de ýerlerde Halk Maslahatynyň agzalygyna ýaşlardan düzülen dalaşgärleri seçip almak, olaryň şahsy we işjeň häsiýetlerini öwrenmek boýunça işler hem alnyp barylýar.

Her bir güni taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik ösüşlerimiziň ählisi halkymyzyň abadan hem bolelin, erkin hem parahat durmuşda ýaşamagynyň bähbidine gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň beýik ynsanperwer başlangyçlary bilen ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hem üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna» laýyklykda, ýaş nesilleriň röwşen geljegi ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylmagy ähli halkymyz bilen bir hatarda, biz — ýaşlarda çäksiz buýsanç duýgularyny döredýär. Röwşen ertirleriň eýeleri bolan ýaşlaryň her biri milli Liderimiz tarapyndan özleri barada edilýän aladany, döwletimiz tarapyndan berilýän ähli goldawlary duýup ýaşaýarlar we munuň üçin ýurt Baştutanymyza çäksiz alkyş aýdýarlar.

Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen ägirt uly maksatnamalary mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen il bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň sargytlarydyr öwüt-ündewleri tutuş halkymyzy, şol sanda ýaşlary yhlas bilen zähmet çekmäge we bilim almaga ruhlandyrýar.

Biz — ýaşlar Türkmenistanyň Halk Maslahatyna gatnaşmaga döredilen giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! Il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Soltangeldi BABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

24.08.2019ý.

Öňki makala

ATYM BAR — GANATYM BAR

Indiki makala

AK ÖÝ

Meňzeş habarlar