AK ÖÝ

Ak öýüň beý­le­ki jaý­lar­dan ar­tyk­maç­lyk­la­ry­nyň bi­ri — gyş­da ony gu­ran ba­dy­na için­de ot ýa­ky­ber­meli­di­gi. Öýüň şe­ki­li­niň pel­te­li çy­ra çüý­şe­si­ne meňzeş bol­ma­gy oduň tüs­se­si­niň gö­ni ýo­ka­ry gö­te­ril­me­gi­ne şert döred­ýär. Öýüň te­ge­lek şe­kil­li bol­ma­gy amat­ly­lyk­la­ryň ýe­ne bi­ri­dir. Ak öýi gu­ran­la­ryn­da yl­ma esas­la­nyp­dyr­lar. Çar­wa ze­nan­la­ryna ak öýüň tä­ri­mi ik egir­mek, ýüp ör­mek, oňa tow ber­mek üçin my­da­ma taý­ýar en­jam bo­lup hyz­mat edip­dir. Ak öýüň sag ta­rapyn­da­ky gap bö­wür­de he­re­ket ed­ýän öý bi­ke­si­niň ýü­zi he­mi­şe gün­ba­ta­ra ta­rap bo­lup­dyr.

Maş­ga­la­da ýaş ge­lin bar bol­sa, öýüň gap bö­wür ta­ra­pyn­dan ak tu­ty tu­tup­dyr­lar. Ony, esa­san, ge­lin iýip-iç­ýän, dynç al­ýan wagty ula­nyp­dyr­lar. Ze­rur wag­ty şol bö­wür­de iki tä­ri­miň ara­syn­dan sal­lan­çak hem gu­r­lup­dyr.

Ak öýüň or­ta­ra­syn­da ojak ýer­le­şip­dir. Gi­rel­gä­niň gar­şy­synda di­wa­ryň uzyn­ly­gy­na geýim-gejim üçin iki sa­ny çu­wal, ownuk-uşak zat­la­ra ni­ýet­le­nen tor­ba­lar asy­lyp­dyr. Gi­rel­gä­niň sag ta­ra­py gap bö­wür bo­lup, tek­je­ler gör­nü­şin­de ýa­sa­lan te­lär­de çäýnek-käse, gap-gaçlar goý­lup­dyr. San­dy­gyň üs­tün­den ýorgan-düşekler gal­dy­ry­lyp­dyr. Ga­pa ýa­kyn ýer­de çem­çe we duz tor­ba­lar asy­lyp, aşa­gyn­da, tek­je­le­riň üs­tün­de suw hem beý­le­ki azyk önüm­le­ri, aş­ha­na en­jam­la­ry goý­lup­dyr. Ga­py­nyň çep ta­rapyn­da mal­dar­çy­lyk es­bap­la­ry, zäh­met gu­ral­la­ry, äti­ýaç­lyk üçin goý­lan azyk önüm­le­ri ýer­leş­di­ri­lip­dir. Or­ta­da­ky oja­gyň da­şy­na aý­la­nan sag we çep gon­jy bo­lan ojak­ba­şy dü­şe­gi dü­şe­lip, ol keçe, ha­ly gör­nü­şin­de bo­lup­dyr.

Ha­ly­dyr pa­las­lar, ke­çe­ler bi­len be­ze­len ak öý­ler­de türk­me­niň owa­dan kal­by, saz­la­şyk­ly dur­mu­şy öz be­ýa­ny­ny ta­pyp­dyr.

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

24.08.2019ý.

Meňzeş habarlar