GARAŞSYZLYK: DURMUŞ — YKDYSADY ÖSÜŞ

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň özeninde ata-babalarymyzyň parahat durmuşa söýgüsi, adalatlylyk, hoşniýetlilik ýaly ynsanperwerlik ýörelgeleri jemlenýär. Garaşsyzlyk türkmen halkyna erkin ýaşamaga, mukaddes topragyna, maddy we ruhy gymmatlyklaryna eýe bolmaga, halkara giňişliginde özbaşdak döwlet hökmünde çykyş etmäge ägirt uly şertleri döretdi.

Ýagty ýol bilen öňe barýan, kalplary buýsançdan doly türkmen halky döwlet Garaşsyzlygynyň baýramyna täze zähmet üstünliklerini we ýeňişlerini sowgat edýär. Döwletlilik, hukuk we demokratik ýörelgelerine eýerýän halkymyz milli Liderimiziň şahsy göreldesine eýerip, bilimini, başarnygyny artdyryp, belent watansöýüjilik duýgusy bilen döredýär, gurýar, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly ugur alýar. Türkmen halkynyň şöhratly geçmişinde müdimilik orun alan bu möhüm seneden bäri geçilen taryh üçin uzak bolmadyk wagt aralygynda ýaş döwletimiz deňsiz-taýsyz belent sepgitlere ýetdi. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, ynsanperwer durmuşynda gazanylýan üstünlikler, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän hukuk ulgamynda amala aşyrylan özgertmeler ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwynyň wysalyna öwrüldi.

Türkmenistan Garaşsyz döwlet hökmünde jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni ösüşlerini dünýä jar etdi. Ýurdumyzyň geçen durmuş menzili döwlet ähmiýetli uly işlere beslendi. Türkmenistan bazar ykdysadyýetiniň häzirki şertlerinde özüniň oňyn ösüş ýoluny kesgitleýär. Kanunçylygy durmuşa ornaşdyrmagyň tejribesi we guramaçylygy barha kämilleşýär.

Türkmenistanda ylmy-tehniki ösüşlere we maglumat-elektron tehnologiýalaryna daýanylyp, bäsdeşlige ukyply, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny özünde jemleýän innowasion-senagat kärhanalary döredilýär.

Häzirki döwürde gaýtadan işleýän senagatyň ösdürilmegi hem-de oba hojalygynyň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy, göz öňünde tutulyp, daýhanlaryň zähmet çekmegi we bol hasyl almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda öndürilen önümlere birža söwdalarynda isleg barha ýokarlanýar. Ulag kanunçylygy halkara hukuk kadalary bilen sazlaşykda ösdürilýär.

Şunuň bilen birlikde, halkara jemgyýetçiligini tolgundyrýan meseleleriň hatarynda jemgyýet bilen tebigatyň sazlaşykly gatnaşygy iň wajyp orny eýeleýär.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda köpugurly özgertmeler ylmy taýdan esaslandyrylan, ekologik howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen meýilnamalardyr, maksatnamalar arkaly amala aşyrylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlary kemala geldi. Ol daşky gurşawy goramagy, tebigy baýlyklardan aýawly we rejeli peýdalanmagy, ykdysadyýetiň pudaklaryna ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmagy, Gün energiýasyny we energiýanyň beýleki çeşmelerini ulanmagy, çölleşmä garşy göreşmegi, ýurdumyzyň biologik köpdürlüligini gorap saklamagy öz içine alýar.

Ýurduň ylma we döwrebap innowasiýa tehnologiýalaryna esaslanyp, tebigat bilen sazlaşykda gazanýan durnukly ösüşiniň daýanç nokady döwlet Garaşsyzlygyndadyr.

Garaşsyzlygyň geçen ýoly taryh üçin ujypsyz bolsa-da, mazmun taýdan baýdyr. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň toýlanýan günlerinde gazanylan üstünlikleriň ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende galmagyna itergi berendigi dogrusynda aýratyn bellemek gerek.

Bagtyýarlygyň, döwletliligiň we agzybirligiň ýakymy bilen «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda türkmen halky baş baýramyny — döwlet Garaşsyzlygyny uly üstünlikler bilen garşylaýar. Bagtyýarlyk bilen gelen günler Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da belende galdyran köp sanly şanly wakalara beslenýär. Olaryň ählisi-de berkarar döwletimiziň barha berkeýändigini, parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrdy.

Ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň durnuklylygyny üpjün etmek, döwletliligi we hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, döwletiň demokratik sütünlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda pugtalandyrmak, şeýle hem halkara giňişliginde parahatçylygyň we ählumumy abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek Garaşsyzlygymyzyň häsiýetli aýratynlyklaryna öwrüldi. Şanly senäniň dabaralanýan ýylynda Diýarymyzda ykdysadyýetde, daşky gurşawy goramakda, sport äleminde uly öňegidişlikler gazanylyp, halkara giňişligindäki abraýy has-da belende göterildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan parahatçylygy pugtalandyryjy, durnukly ösüşi we ählumumy howpsuzlygy üpjün ediji döwlet hökmünde dünýäniň abraýly halkara düzümleriniň mejlislerine gatnaşyp, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär, olary durmuşa geçirmek bilen bagly işlere işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda belent münberde beýan eden garaýyşlaryndan hem aýdyň görnüşi ýaly, Bitarap Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge uly üns berýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda geçirilen 73-nji maslahatynyň 85-nji mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy esasynda 21 döwletiň awtordaşlygynda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Watanymyzyň dünýä döwletleriniň ählumumy abadançylygy üpjün etmek ugrunda ylalaşykly hereket etmäge pugta ygrarlydyklaryny aýdyň görkezdi. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda halkara hukuk kadalarynyň ösüşinde ýurdumyzyň aýratyn ornunyň bardygyny on ikinji gezek tassyklady. Çünki bu günki günde Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen halkara namalarynyň sany on ikä ýetdi.

Aýratyn bellenmeli wakalaryň biri-de 2019-njy ýylyň 18-nji iýulynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň howandarlygynda Nýu-Ýorkda geçirilen ýokary derejeli Syýasy forumda Türkmenistanyň dünýä bileleşigine ilkinji Meýletin milli synyny hödürlemegi bilen baglydyr. Onda ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda toplanan milli tejribe öz beýanyny tapdy.

Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş-ykdysady strategiýasynyň netijesinde ykdysadyýeti döwlet tarapyndan kadalaşdyrmagyň çäreleriniň aýdyň görünýän üstünliklerine, okgunly ykdysady ösüşlerine halkara derejesinde ýokary baha berilýär. Türkmenistanyň EKOSOS-yň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin agzalygyna hem-de Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň býurosynyň 2019 — 2020-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanmagy aýdylanlary doly tassyklaýar.

Şonuň bilen birlikde, Türkmenistan özüni dünýä giňişliginde halkara çärelerini guramakda bäsleşige ukyply döwlet hökmünde tanatdy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda üstünlikli geçen birinji Hazar ykdysady forumy munuň aýdyň subutnamasydyr. Forumyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça kabul edilen halkara resminamalar maglumat tehnologiýalary, maýa goýum hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady we maliýe pudaklary, diplomatiýa, ulag, elektroenergetika, oba hem-de suw hojalygy, sport we beýleki ugurlar babatda hyzmatdaşlyga dahyllydyr.

Şeýle hem Halkara Sambo federasiýasynyň (FIAS) we Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI), degişlilikde, sambo we trek welosporty boýunça Dünýä çempionatlaryny Aşgabat şäherinde geçirmek hukugyny bermegi Türkmenistanyň halkara sport çäreleriniň mekanyna öwrülýändigini tassyklaýar.

Ýurdumyzda başy başlanan islendik özgertmäniň bir tarapynyň daşky gurşawy goramak bilen sazlaşykda durmuşa geçirilýändigini bellemek zerur. Muňa mysal edip, şu ýylyň 28-nji iýunynda dabaraly ulanylmaga berlen hem-de «Dünýäde gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod» ady bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän iri senagat toplumyny görkezmek bolar. Şeýle hem 2019-njy ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde üç müň töweregi adamyň gatnaşmagynda guralan, dünýäde iň uly ekosapagy Türkmenistanda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine ýokary ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär.

Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we hemişelik Bitaraplygyna eýe bolan, ykbalyny özi kesgitleýän halk buýsanmaga haklydyr, ata-babalarynyň arzuwlan berkarar döwletini gülletmäge borçludyr.

Gülälek GUTLYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.

“Nesil” gazeti,

27.08.2019ý.

Öňki makala

AK ÖÝ

Meňzeş habarlar