Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda, etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Halk maslahaty — döwlet Garaşsyzlygymyzyň, ösüşli ýollarymyzyň, şöhratly üstünliklerimiziň binýady» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar, şeýle-de ählihalk forumynyň syýasy jemgyýetçilik ähmiýetini halk köpçüligine we ýaşlara düşündirmegiň zerurlygy, şeýle hem ýurdumyzyň ösüş ýolunda gazanan üstünlikleri, ýeten beýik sepgitleri, ýerine ýetirilen döwletli işler dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar döwletimizi beýik ösüşleriň ýagty ertirlerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Abat MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.