SAGDYNLYK – RUHY BAÝLYK

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň guramagynda, etrabyň bilim bölüminde zähmet çekýän işgärleriň arasynda Gyzylarbat etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda «Sagdynlyk – ruhy baýlyk» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Onuň dowamyna çykyş edenler, diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň beden we ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda uly tagallalary edýändigi, ynsan saglygyny gorap saklamak, jemgyýetimizde sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak barada ýurdumyzda alnyp barylýan giň göwrümli işler barada aýdylyp geçildi. Sagdyn durmuş ýörelgesi adamlaryň uzak ýaşamagyna we ýarawsyzlykdan, kesellerden daşda durmaklaryna ýardam berýänligi barada hem giňişleýin aýdyp geçdiler.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, halkymyzyň sagdyn ýaşamagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülsona AŞYROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Oktýabr 2025 | 11 okalan

SAGDYNLYK – RUHY BAÝLYK

31 Oktýabr 2025 | 13 okalan

ÇAGA TERBIÝESI – BAGTYÝAR GELJEGIŇ NURY

30 Oktýabr 2025 | 17 okalan

MAŞGALAM – BAŞ GALAM